- jaý
- 1[ja:ý]1) Ýaşamak, işlemek we ş. m. üçin gurlan bina, öý, ymarat.∙ Jaýyň äpişgesiniň deregine deşiklerden ýel köwsary urup, dükanyň içinde tüweleý turuzýardy. (A. Gowşudow, Powestler We Hekaýalar)∙ Ine, bu uly jaý hem okalga boljak. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)2) Ony-muny goýmak ýa-da mal-gara salmak üçin gurlan desga.∙ Odun goýmak üçin jaý.3) Göçme manyda Orun, ýer.∙ Ol tamasy çykmadyk Bibisoltanyň göwnünde başga zatlar jaý tutdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)21) Ýerlikli, oňat, oňaýly.∙ Maşgala terbiýesinde akyla jaý ulanylýan götergilemek we temmi bermek çäreleriniň uly ähmiýeti bardyr. (I. T. Ogorodnikow, P. N. Şimbirýow, Pedagogika)∙ Jaý gep, rast aýdýaň! (G. Gurbansähedow, Suraý)2) Göni, dogry, ykjam.∙ Ok jaý degeni üçin, möjek bada-bat ölüpdir. («Sowet edebiýaty» žurnaly)◊ göwne jaý bolmak — seret göwün∙ Üzüm agaçlarynyň düýbüni bejerişleri Hoşgeldiniň göwnüne jaý boldy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)◊ jaýyna düşürmek — Çemine düşürmek, ýerine salmak, jüpüne getirmek.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.